Logo
Biz barada

SELIMLI SYÝAHAT & Xi'an JOYES Education Consulting Co., Ltd.

Arzuwyňyzdaky bilim we bökdençsiz syýahat bir ýerde!

OKUW BÖLÜMI – bu siziň islegiňize we ukybyňyza görä, dünýäniň haýsy künjeginde okamak isleseňiz, şol ýere ýerleşmäge professional derejede kömek edýän ýöriteleşdirilen merkezdir. Biz diňe bir okuw maslahatçysy däl, eýsem gelejekki karýeraňyzyň ilkinji ygtybarly binýadydyrys.

Ähli hyzmatlar bir ýerde: Bilimden Wiza çenli

Biziň iň uly artykmaçlygymyz – talyplaryň we olaryň ene-atalarynyň wagtyny hem-de sarpasyny tygşytlamagymyzdyr. Okuwa girmek we şol ýurda gitmek üçin zerur bolan ähli işleri biz bir ýerde jemledik:

  • Resmi Hytaý Hyzmatdaşlygy: Biz Hytaýyň iri bilim geňeşçilik kompaniýasy bolan "Xi'an JOYES Education Consulting Co., Ltd." bilen resmi hyzmatdaşlyk şertnamasyny (Cooperation Agreement) baglaşdyk. Bu şertnama esasynda talyplarymyzyň Hytaýyň iň abraýly uniwersitetlerine girmegini we resmi çakylyk hatlarynyň (JW201/JW202) gysga wagtda alynmagyny kepillendirýäris.

  • Siziň islegiňiz, biziň tejribämiz: Siz nirede okamak isleseňiz, biz şol ýere resminamalaryňyzy iň dogry görnüşde tabşyrmaga kömek edýäris.

  • Wiza goldawy: "Selimli Syýahat" hususy kärhanasy talyplarymyzyň wiza işlerini doly öz üstüne alýar. 10 ýyllyk tejribämiz bilen wiza amallaryny iň gysga wagtda bitirýäris.

Ýat ýurtda biz Siziň ýanyňyzda!

Şertnamamyza laýyklykda, biz sizi diňe ugratmak bilen çäklenmeýäris, eýsem baran ýeriňizde hem doly goldaw berýäris:

  • Aeroportda garşy almak: Daşary ýurda baranyňyzda biz sizi aeroportda garşy alýarys.

  • Şäher we Uniwersitet ugratmasy: Okayan şäheriňize we uniwersitetiňize çenli bökdençsiz eltmegi amala aşyrýarys.

  • Okuw jaýyna ýerleşdirme: Okuw jaýyna baranyňyzda ähli resminama we ýatakhane işleriňizde ýanyňyzda bolup, doly ýerleşdirip berýäris.

Näme üçin biz?

  • 10 ýyllyk hyzmat we tejribe: Selimli Syýahat 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda halkymyza ynamly hyzmat edip gelýär.

  • Resmi Halkara Kepillik: Xi'an JOYES bilen baglaşylan hyzmatdaşlyk şertnamasy esasynda, biz talyplaryň maglumatlarynyň gizlinligini we okuw amallarynyň kanunylaşdyrylandygyny doly kepillendirýäris.

  • 1 ýyllyk jogapkärçilik: OKUW BÖLÜMI her bir talyby 1 ýyl dowamynda öz jogapkärçiliginde saklaýar. Okuw döwründe nähili kömek gerek bolsa, biz hemişe taýýar.

  • Kompleks Hyzmat: Okuw jaýy, wiza, bilet, aeroportda garşy almak we okuwa ýerleşdirme – hemmesi bir ýerde!


🎓 ÜSTÜNLIK HEKAÝALARYMYZ

"Biz diňe okuwa ýerleşdirmeýäris, biz gelejekleri gurýarys!"

Biziň goldawymyz bilen dünýäniň dürli künjeklerinde bilim alýan talyplarymyzyň käbirleri bilen tanyş boluň. Her ýyl 300-den gowrak talyp öz gelejegini bize ynanýar.



👥 Biziň Toparymyz bilen Tanyş Boluň

Biziň professional işgärlerimiz size ýol görkezmäge hemişe taýýar. Eger soraglaryňyz bolsa, hünärmenlerimiz bilen çekinmän habarlaşyp bilersiňiz.

Nowcha
Okuw Maslahatçysy
Telefon
+993 61017848
Email
okuwbolumiofis@gmail.com
Imo
+993 71030846
Wechat
+86 18515852714
Whatsapp
+993 71030846
Telegram
+993 71030846
Wechat
Shiri Myradov
Okuw Maslahatçysy
Telefon
+86 158 89250582
Email
okuwbolumi2026@gmail.com
Imo
+86 158 89250582
Wechat
+86 158 89250582
Whatsapp
+86 158 89250582
Telegram
+993 61017848
Wechat



Biz bilen habarlaşyň:

📍 Türkmenistandaky ofisimiz: Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, Ýylgaý Durdyýew köçesi, 48-nji jaý. (Parahat 3, Nurmuhammet Andalyp (Mir) köçesiniň golaýy) 🇹🇲🏢

📍 Hytaýdaky ofisimiz (Hyzmatdaşymyz): Xi'an JOYES Education Consulting Co., Ltd. Room 10633, Unit 1, Building 2, Fuhua Mansion, National Civil Aerospace Industrial Base, Chang’an District, Xi’an City, Shaanxi Province, China. 🇨🇳🎓


Selimli Syýahat & Xi'an JOYES – Biz talyplarymyzyň diňe bir okuwa girmegine däl, eýsem baran ýerinde bökdençsiz ýerleşmegine hem doly kepil geçýäris! 🤝✅🌟

Baş sahypa
Uniwersitet
Biz barada
Habarlaşmak